Türkmenistanyň Merkezi banky saglygy goramak üçin nagt däl hasaplaşyklara çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi banky saglygy goramak üçin nagt däl hasaplaşyklara çagyrýar
TMB raýatlary internet we ykjam bankingiň, şeýle hem elektron söwda meýdançalarynyň hyzmatlaryna we aralykdan töleg amallaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine üns bermäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Merkezi banky saglygy goramak maksady bilen, ýurduň raýatlaryny nagt däl hasaplaşyklaryň mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrdy.

Häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýe bolan öňüni alyş çäreleri, maslahatlar beýan edilen bildirişler anna güni ýerli metbugatda çap edilendigini "Orient" habar berýär.

“Nagt däl hasaplaşyklar töleg amallaryny has çalt geçirmäge, peýdaly hyzmatlardan gije-gündiz peýdalanmaga, şeýle hem saglyk howpsuzlygyny we pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edýär” diýlip, habarda aýdylýar.

TMB raýatlary internet we ykjam bankingiň, şeýle hem elektron söwda meýdançalarynyň hyzmatlaryna we aralykdan töleg amallaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine üns bermäge çagyrdy.

Bankomatda nagt pul serişdelerini almak zerurlygy ýüze çykan halatynda, ýüz-burun örtüklerini ulanmak hem-de nobatda iki metr aralygy saklamak maslahat berilýär.

“Ýokarda beýan edilen maslahatlary berjaý etmek bilen, siz saglygyňyzy gorap, şeýle hem bank ulgamynda siziň üçin döredilen amatly şertleriň artykmaçlyklaryny duýup bilersiňiz” diýlip TMB-nyň habarynda aýdylýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň banklary peýdaly hyzmatlaryň köpsanlysyny girizdiler, olar nagt däl hasaplaşyklary has bähbitli görnüşe getirdiler.

“Owerdraft” hyzmaty ornaşdyryldy, ol satyn alnan harytlar üçin, kartyňyzda pul serişdeleri gutaran ýagdaýynda hem tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan ozal ýurdumyzyň banklary şeýle hem “Cashback” ulgamyny ornaşdyrdylar. Bu ulgam awtomatik tertipde bank karty arkaly geçirilen amallar bilen satyn alnan harytlaryň bahasynyň belli bir göterimini alyjynyň hasabyna her aýda gaýtaryp berýär.

2022