Russiýaly we ABŞ-ly işewürler Türkmenistandan nebit önümlerini satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýaly we ABŞ-ly işewürler Türkmenistandan nebit önümlerini satyn aldy
Geçen hepdede daşary ýurt puluna Russiýanyň we ABŞ-nyň işewürleri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Geçen hepdede daşary ýurt puluna Russiýanyň we ABŞ-nyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýle-de bu önümleri BAE-niň, Omanyň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri hem isleg bildirdiler. Satyn alnan gazhimiýa önümleriniň hatarynda bolsa, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietilen we ýokary dykyzlykdaky polietilen bardyr.

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jinsi matalaryny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 693 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 3 million 696 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmengaz” tarapyndan öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 649 müň manatlykdan gowrak boldy.

Geçen ýedi aýyň dowamynda bolsa birža tarapyndan söwdalaryň 155-si geçirilip, 15 müň 124 şertnama hasaba alyndy.