Ahal welaýatyndan telekeçi zenan alkogolsyz içgileriň önümçiligini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatyndan telekeçi zenan alkogolsyz içgileriň önümçiligini giňeldýär
Kärhanada ýylda 100 dikalitr suwy öndürmäge niýetlenen innowasion tehnologiýalary oturdylandyr.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän telekeçi Aýgül Aşyrowa degişli “Rahatlyk” haryt nyşanly kärhana arassalanan agyz suwuny we alkogolsyz içgileriň birnäçe görnüşini öndürýär.

“Ahal durmuşy” gazetiniň duşenbe gününde habar berşi ýaly, 2017-nji ýylda açylan bu kärhananyň işi innowasiýa tehnologiýalary esasynda ýola goýlandyr, onuň önümçilik kuwwaty ýylda 100 dikalitr agyz suwuny öndürmäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda bu ýerde 0,5; 1,5; 5; 19 litrlik plastik gaplara guýulan arassalanan agyz suwy, şeýle hem 1,5 litrlik gaplarda güýçli gazlandyrylan içgiler öndürilýär.

2020-nji ýylyň başynda kärhanada alkogolsyz içgileriň täze görnüşleriniň: “Dýuşesiň”, “Buratinonyň”, “Limonadyň”, “Tarhunyň” önümçiligi ýola goýuldy. Ýakyn wagtlarda zirk, nar tagamly sowuk içgiler, şeýle hem çaýlar önümleriň sanawynyň üstüni ýetirer.