“Ak-hünji” täze önümçiligi ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak-hünji” täze önümçiligi ýola goýdy
Steplerler üçin berkidiji skobalar hil taýdan berk we baha taýdan örän amatlydyr. (Surat: “Ak hünji”)

“Ak hünji” hususy kärhanasy steplerler üçin berkidiji skobalaryň we resminama bukjalarynyň - faýllaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Ýurdumyzyň bazarlarynda uly islegden peýdalanýan kärhananyň täze önümleri ýokary hili we elýeterli bahalary bilen tapawutlanýar.

“Ak hünji” hususy kärhanasy Türkmenistanda penoplast plitalaryny, jaýlaryň içki we daşky bezeg önümlerini öndüriji hökmünde meşhurdyr. Häzirki wagtda bu kärhana ýurdumyzda köpsanly gurluşyk desgalaryny penopolistirol serişdeleri bilen üpjün edýär.

«Ak hünji» hususy kärhanasy 2009-njy ýylda döredildi. Mary şäherinde ýerleşýän kärhana goýberýän önümleriniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen döwrebap tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna 2013-nji ýylda özüniň önümçilik bölümlerini döwrebaplaşdyrdy.