“Türkmen berk-metal” hususy kärhanasy daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de içerki bazarda uly islege eýe bolan önümleri öndürýär.
Ýylda ýuwujy serişdeleriň 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanylýar, bu bolsa halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda bu ýerde "Güneş", "Emaý", "Sar" haryt nyşanly awtomatik we el usulynda ýuwmak üçin ulanylýan ýuwujy serişdeler öndürilip, olar 300 gr, 400 gr, şeýle hem 3, 6 , 9 we 50 kg agramlykdaky polietilen haltajyklara gaplanylýar diýip, “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Ýakynda kärhanada täze önümleriň önümçiligi ýola goýlup, häzirki wagtda tegmilleri aýryjy, suwuk usulda arassalaýjy hem-de gaty maddalary ýuwmak üçin serişdeler, lagym arassalaýjy hem-de antibakterial-zyýansyzlandyryjy serişdeler öndürilýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Türkmen berk-metal” kärhanasy öz önümlerini diňe bir içerki bazarlara däl-de, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Birleşen Arap Emirliklerine hem iberýär.