“Eşretli kenar” polipropilen turbalary we polietilen haltalary öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eşretli kenar” polipropilen turbalary we polietilen haltalary öndürýär
“Eşretli kenar” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredildi.

“Eşretli kenar” hususy kärhanasy 20 millimetrden 60 millimetre çenli göwrümdäki suw geçiriji polipropilen turbalary öndürýär.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada şeýle hem halk hojalygynda, söwda ulgamynda, gündelik durmuşda ulanylýan polietilen torbalar, ýyladyşhanalar üçin örtükler, gurluşyk pudagynda giňden peýdalanylýan polietilen haltajyklar we beýlekiler öndürilýär.

Bu ýere önümçilik üçin zerur bolan çig mal Gyýanlynyň polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär.

“Eşretli kenar” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredildi. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän kärhanada 60-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Kärhananyň tehnologiýa ulgamy 1 müň 800 tonna dürli görnüşli polietilen örtügini we 257 tonna ýokary hilli polipropilen turbalaryny öndürmäge niýetlenendir.