Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Sarp obasynda ýerleşýän däne saklaýan elewatorly degirmenler toplumynda 2020-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 16 müň 927 tonna bugdaý üwelip, ondan 12 müň 695 tonna un taýýarlanyldy. Bu barada “Balkan” gazeti sişenbe güni habar berdi.
Öndürilen önümiň 4 müň 232 tonnasy ýokary we 8 müň 463 tonnasy bolsa birinji hilli undur diýlip, habarda aýdylýar.
Göwrümi 50 müň tonna däne saklaýan elewatorly degirmenler toplumy her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenilendir. Bu ýerde ýörite ammarlaryň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 330 tonnadan gowrak däne saklamaga şertler döredilendir.
Şeýle-de kärhanada önümçilik sehi, elektrik bekedi, suw arassalaýjy desga, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenen bölüm hereket edýär we dänäniň agramyny çekmek üçin ýörite gapanlaryň üçüsi bardyr.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli kärhana 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi.