BAE türkmen dokma we haly önümlerine gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE türkmen dokma we haly önümlerine gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça has wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikler Türkmenistanyň hem-de BAE-nyň söwda-ykdysady pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyldy. Söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, hususan-da, eksport-import kuwwaty artdyrmak boýunça has wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Birleşen Arap Emirliklerinde türkmen dokma we haly önümleriniň, şeýle hem türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen azyk harytlarynyň eksport edilmegini artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň onlaýn gepleşikleri we işewürler maslahatlaryny gurnamak barada ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň beýleki wekilleri gatnaşdylar.

2022