Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň hem-de Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri Wirjil-Daniel Popeskunyň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleriniň ençemesi boýunça pikir alyşyp, taraplar COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle-de onuň emele getiren ykdysady çökgünliligini ýeňip geçmegiň mümkinçiliklerine üns berdiler.
Şeýle-de ministrler Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Taraplar energetika, ulag, oba hojalygy, ýeňil senagat, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem seretdiler.