“Apple” kompaniýasynyň bahasy $2 trilliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” kompaniýasynyň bahasy $2 trilliondan geçdi
“Apple”-iň bahasy amerikan kompaniýalarynyň arasynda ilkinji bolup $2 trilliondan geçdi. (Surat: “Reuters”)

“Apple”-iň bahasy amerikan kompaniýalarynyň arasynda ilkinji bolup $2 trilliondan geçdi. Iki ýyl ozal ol ilkinji bolup $1 trillion baha derejesine ýetdi diýip, çarşenbe güni “Associated Press” habar berdi.

Soňky ýylda “Apple”-iň paýnamalary koronawirus pandemiýasyna garamazdan 50% gowrak artdy. Ýokanç keseliň ýaýramagy netijesinde köp kompaniýalaryň nyrhlary pese düşdi. Habarda beýan edilmegine görä, “Apple”-iň müşderileriniň kompaniýanyň önümlerine uly ynamy bar, şonuň üçin olar “iPhone” we beýleki enjamlary öýde oturan ýerinden internediň üsti bilen satyn almagyny dowam etdi.

“The Wall Street Journal”-yň maglumat berşi ýaly, iýun aýynyň başyndan bäri her hepde kompaniýanyň paýnamalary ortaça 3,5% ýokarlanýardy. Iýul aýynyň ahyrynda “Apple” çärýekdäki girdejisiniň $59,7 milliarda deň bolandygyny, önümler we hyzmatlar ulgamynda satuwyň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 11% ýokarlanandygyny hasabat berdi.

“Apple” - dünýäde $2 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa däldir. Bu sepgide Saud Arabystanyň “Saudi Aramco” nebit kompaniýasy hem 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýetipdi. Emma, onuň paýnamalarynyň bahasy nebtiň arzanlandygy sebäpli, peseldi we onuň bazar bahasy häzir $1,82 trilliona golaýdyr.

2022