Telekeçi Saparmyrat Hojagulyýew mundan ýedi ýyl ozal Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda süýji-köke öndürýän kärhanany döretdi we häzirki wagtda işewürligini üstünlikli ösdürýär. “Aý aýdyň” haryt nyşanly önümleri öndürýän bu kärhanada önümleriň sanawy giňeldilip, süýji tagamly önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär.
Kärhananyň alyp barýan işleri barada “Ahal durmuşy” gazeti anna güni çykan sanynda habar berdi. Makalada 50, 130, 190, 250 gram agramdaky gaplara gaplanan mekgejöwen taýajyklarynyň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdylýar. Häzirki wagtda bu süýji tagamly önüm şeýle hem kakaony goşmak hem-de goýadylan şeker bilen örtmek arkaly öndürilýär.
Şeýle hem bu ýerde peýniriň tagamy bolan “Kebelek” we “Böwenjik” hem-de “Lezzet” şokolady goşulan mekgejöwen taýajyklarynyň dürli görnüşleri we “Pop corn” mekgejöwen patraklary öndürilýär.
Kärhananyň süýji-köke önümleriniň sanawyna dýuşes, ýertudanasy, narpyz, apelsin, zirk, limon we kofe tagamly süýjiler hem girizildi.