«Lebapetönümleri» şöhlat önümlerini bazara çykarýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
«Lebapetönümleri» şöhlat önümlerini bazara çykarýar
Häzirki wagtda kärhanada şöhlat önümleriniň 18 görnüşi alyjylara hödürlenilýär.

Türkmenabat şäherindäki “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda şu ýylyň ýedi aýynda 30 tonnadan gowrak et we et önümleri öndürildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda kärhanada şöhlat önümleriniň 18 görnüşi alyjylara hödürlenilýär. Olar “Daşrabat”, “Hazar”, “Aşgabat”, “Köýtendag” atly ýarym kakadylan, gaýnadylan şöhlat önümleri, “Saýatly” towuk şöhlaty, “Sähra” büzmeçe önümleridir.

Kompaniýanyň baş buhgalteri Atajan Jumabaýewiň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň bazarlarynda bu önümçilikde ýiti bäsleşige döz gelmekde kärhanamyza önümleriň bahalarynyň elýeterliligi we ýokary hili ýardam berýär.

Geçen ýyl “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 347 tonna et we et önümleri taýýarlanyldy.