Türkmen telekeçisi ýerli bazarlary öý hojalyk harytlary bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýerli bazarlary öý hojalyk harytlary bilen üpjün edýär
Kärhana hojalyk sabynynyň 12 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

“Mona” haryt nyşanly önümleri öndürýän Muhammetdawut Orazowyň hususy kärhanasy türkmen bazarlarynda öý hojalyk harytlary - gap-gaç ýuwujy, egin-eşikleri arassalaýjy serişdeler, çygly süpürgiçler, gury el süpürgiçleri we beýleki önümler bilen üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada “Aşgabat” gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda kärhana sarp edijilere suwuk sabynlaryň 6, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň hem 6, çygly süpürgiçleriň 12, 25, 72, 100 sanysy ýerleşdirilen toplumlaryň 14 görnüşini, gury süpürgiçleriň dürli ölçeglerdäki 4 görnüşini, egin-eşik ýumşadyjy serişdeleriň 6, kir ýuwujy serişdäniň 1, suwuk eşik ýuwujy serişdäniň 2, şampunlaryň 4, duş geliniň 2 we aýna ýuwujy serişdeleriň 1 görnüşini hödürleýär.

Şeýle hem kärhana hojalyk sabynynyň 12 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu sabynyň günde ortaça 2,5 tonna golaýy öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu kärhana 2017-nji ýyldan bäri “Mona” haryt nyşanly öý hojalyk harytlaryny öndürýär.

2022