“Apple” Singapurda özüniň ilkinji suwda ýerleşýän dükanyny açýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” Singapurda özüniň ilkinji suwda ýerleşýän dükanyny açýar
Kompaniýanyň bu dükany suwda ýerleşýän dünýäde ilkinji söwda nokady bolup, ol gümmez görnüşinde bina ediler.

“Apple” kompaniýasy Singapurdaky “Marina Bay Sands” myhmanhanasynyň golaýynda täze söwda nokadyny açmak meýliniň bardygyny mälim etdi. Bu barada “Straits Times” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň bu dükany suwda ýerleşýän dünýäde ilkinji söwda nokady bolup, ol gümmez görnüşinde bina ediler.

“Biz tizara “Marina Bay” dynç alyş merkeziniň golaýyndaky täze dükanyň gapylaryny açarys” diýip “Apple” kompaniýasynyň resmi sahypasynda aýdylýar. —“Bu özüňiz üçin täzelikleri açmak, uly işlere şärikli bolmak we täsin zatlary döretmek üçin amatly ýer bolar”.

Söwda nokadynyň öňünde agaç köprüsi we ýörite suwasty geçelge gurnalar. Bu geçelge arkaly alyjylar golaýda ýerleşýän söwda merkezine baryp bilerler.

Geçen hepde “Apple” kompaniýasy bazar bahasy ABŞ-nyň 2 trillion dollaryna deň bolan dünýäde ilkinji amerikan kompaniýasy boldy.

2022