Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk ulgamy kämilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk ulgamy kämilleşdirilýär
Bölümiň esasy maksady ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçiliklerini hem-de tehniki serişdeleri sertifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň merkezi edarasynda Kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bölümiň esasy maksady ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçiliklerini hem-de tehniki serişdeleri sertifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlar we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany sanlylaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda aýtdy.

“Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna” laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna bu pudakda ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak we sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi ýüklenildi.

Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy

Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bu ulgamy döretmegi we onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek tabşyryldy we ony 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy hakyndaky bir bitewi tehniki talapnamalary işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022