Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk giňelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk giňelýär
Taraplar ylmy-okuw pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsuly Güýç Garaýew penşenbe güni Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Aleksandr Korotkow bilen duşuşyk geçirdi.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, taraplar ylmy-okuw pudagynda hyzmatdaşlygyň hem-de bu ýokary okuw jaýynda türkmen ýaşlarynyň hünär taýýarlyklarynyň ugurlary boýunça maslahatlaşdylar.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri gurnamagyň mümkinçiliklerine seredildi.Bu gepleşiklerde esasy mowzuklaryň biri – Wolgograd şäherindäki uniwersitetiň ýanynda Türkmen merkezini açmak bolup durýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk instituty bilen Wolgogradyň sosial-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.