“Nur” haryt nyşanly önümleriň görnüşleri artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nur” haryt nyşanly önümleriň görnüşleri artdyrylýar
Täze önümler 630 gramlykdaky çüýşe gaplarynda çykarylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti täze önümçiligi ýola goýup, “Lego” we “Lezzetli lego” atly gaplanylan gök önümler bilen özüniň önümçiligini giňeltdi, diýip “Ahal durmuşy” gazeti duşenbe güni habar berdi. Täze önümler 630 gramlykdaky çüýşe gaplarynda çykarylýar.

2016-njy ýylda maýonez we gaplama önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýan bu kärhanada häzirki wagtda “Nur” haryt nyşany bilen “Prowansal maýonezi”, “Zeýtunly maýonez”, “Ajaýyp prowansal maýonezi”, “Maşgala üçin maýonez”, “Işdäaçarlar üçin maýonez”, “Näzli” atly maýonezleri öndürýär.

Şeýle hem kärhananyň önümçilik bölümlerinde dürli göwrümdäki çüýşe gaplara gaplanýan badamjan batyrmasy, burç goýutmasy, ajy ajyga, marinada ýatyrylan pomidorlar, garyşyk gök önümler, burçlar, sogan bilen marinadlanan hyýar, gowrulan badamjan ýaly tagamlar öndürilýär.

Mundan başga-da, her gün kärhanada ýumşak gaplara gaplanan üwmejiň 5 tonnasy öndürilýär. “Nur” haryt nyşanly ähli önümler ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümlerden taýýarlanylýar.

2022