TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi dowam edýär
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginde “Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.

Duşenbe güni Kabulda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginde “Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, Ähtnama “TAPI Pipeline Company Ltd.” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” döwlet konserninden wekil Muhammetmyrat Amanow, Owganystanyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mahmud Karzaý, şeýle hem Owganystanyň Magdan we nebit önümler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Harun Çahansuri gol çekdiler.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň goňşy ýurt we tutuşlygyna sebit üçin energiýa howpsuzlygyny hem-de zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak zerurdyr.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa ugry boýunça akdyrmaga mümkinçilik berer.

2022