Türkmenistanda nebitgaz önümçiliginiň depginleri ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nebitgaz önümçiliginiň depginleri ýokarlanýar
Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň meýilnamasy bu döwürde degişlilikde 106,7% hem-de 148,6% ýerine ýetirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň esasy görkezijilerine laýyklykda, 2020-nji ýylyň ýedi aýynda nebitiň 2 mln. 290 müň tonnasy we tebigy gazyň 1 mlrd. 157 mln. kub metri çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Pudaklaýyn elektron neşiriň habar berşi ýaly, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň meýilnamasy bu döwürde degişlilikde 106,7% hem-de 148,6% ýerine ýetirildi.

Şeýle hem döwlet konserni tarapyndan uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde buraw işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Şeýlelikde geçen döwürde “Nebitdag” buraw işleri boýunça müdirligi 125,5 müň metre çenli ýerasty gorlaryň buraw işlerini amala aşyrdy. Geçen ýedi aýda burawlanan çuňluk 34 müň 679 metre, goşmaça geçilen çuňluk bolsa 3 müň 375 metre barabar boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Körpeje buraw müdirligi ýanwar-iýul aýlary aralygynda 10 sany täze guýularda buraw işlerini geçirdi, olaryň 8-si hereket edýän guýulardyr.

Mundan başga-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Goturdepe” we “Ekerem” önümçilik meýdanlarynda buraw işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda konserniň ähli önümçilik bölümleri daşama hem-de gurnama işlerinde ulanylýan kuwwaty 12,5 tonna bolan ýörite köpri kranlaryny netijeli ulanýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022