Kerkili kärendeçi zenan noýbanyň hasyllylygyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kerkili kärendeçi zenan noýbanyň hasyllylygyny artdyrýar
Noýba aralyk ekin bolup, ol 100 günde hasyl berip başlaýar.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan ekerançy zenan Miwe Kullyýewa geçen ýyl 3,7 gektar ýere noýba ekip, onuň her gektarynyň hasyllylygyny 30 sentnerden geçirmegi başardy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Makalada bellenilişi ýaly, şu ýyl obaly kärendeçi zenan 4 gektar ýere noýba ekip, onuň her gektarynyň hasyllylygyny 35 sentnere ýetirmegi meýilleşdirýär.

“Noýba aralyk ekin bolup, ol 100 günde hasyl berip başlaýar. Bu ösümlik ynjyk hem näzik bolýar, onuň joýalarynyň içi mydama yzgarly bolmaly. Gülläp başlandan soň, suwunyň arasyny kesmeli” diýip, noýba ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny ele alan kärendeçi zenan gyzyklanma bilen gürrüň berdi.

Miwe Kullyýewa 2015-nji ýyldan bäri Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigi bilen şertnama esasynda aralyk ekin ekip ondan bol hasyl alýar.

2022