Türkmen we owgan wekilleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we owgan wekilleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdylar
Türkmen we owgan wekilleri bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň möhümdigi aýratyn bellediler.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

Bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem Lazurit geçelgesiniň işe girizilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Şu ýylyň 31-nji awgustynda Kabulda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde “Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi.

2022