Türkmenistan-Gyrgyzystan: döwlet we hususy böleklerde hyzmatdaşlyk giňeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Gyrgyzystan: döwlet we hususy böleklerde hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seretdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Şeýle-de taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, bu ugurda iki ýurduň döwlet we hususy bölekleriniň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmegini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, ählumumy derejede pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda, diplomatlar jebisligiň, durnuklylygyň we raýdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine aýratyn üns berdiler.