Owgan kompaniýasy öz öndüren ýeňil we ýük ulaglaryny alyjylara hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owgan kompaniýasy öz öndüren ýeňil we ýük ulaglaryny alyjylara hödürledi
Ulaglaryň birnäçesi elektrik usulynda işläp, akkumulýatordan güýç alýar, beýlekileri bolsa dizel ýangyjynda hereket edýär. (Surat: “Reuters”)

Owganystanyň “Amin Noor” kompaniýasy jemgyýetçiligi içerki bazar üçin birnäçe kiçi göwrümli ýük hem-de ýolagçy ulaglary bilen tanyşdyrdy. Kompaniýa öz öndürýän ulaglarynyň daşyndan getirilýän ulaglaryň ornuny tutar diýip, umyt bildirýär. Bu barada “Reuters” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Kabulda geçirilen tanyşdyryş dabarasynda kompaniýa 1200-2500 amerikan dollary bahalary bolan ulaglaryň 11 görnüşini görkezdi. Häzirki wagtda “Amin Noor” kompaniýasynyň ýurduň Balh welaýatynda ýerleşýän kärhanasynda 200 ulag öndürildi.

“Biziň öndürýän ulaglarymyzyň bahasy Owganystana daşyndan getirilýän ulaglaryň bahasy bilen deňeşdirilende amatlydyr” diýip, ykdysadyýet ministri Mustafa Mastur dabaranyň dowamynda belledi. “Ulaglarymyzyň owgan bazarynda öz sarp edijisini tapjakdygyna ynanýarys” diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Ulaglaryň birnäçesi elektrik usulynda işläp, akkumulýatordan güýç alýar, beýlekileri bolsa dizel ýangyjynda hereket edýär.

Kompaniýanyň dolandyryjysy Ahmad Ziýa Ahmadýaryň aýtmagyna görä, ulag önümçiligindäki indiki wezipe – daşyndan getirilýän ätiýaçlyk şaýlarynyň möçberini azaltmakdyr. “Üç ýyl işlänimizden soň, biz ulaglarymyzyň 80% çenli ätiýaçlyk şaýlaryny özbaşdak öndürýäris” diýip, ol nygtady.

Häzirki wagtda kompaniýa hereketlendirijiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tekerleri we aýnalary daşyndan getirmegi dowam edýär, emma geljek 5-10 ýylyň dowamynda olaryň önümçiligini hem ýola goýar.

2022