Türkmenistanda haly önümleriniň önümçiligi artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda haly önümleriniň önümçiligi artdyrylýar
Lebap welaýatynda ýerleşýän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 7,3 müň inedördül metr haly we haly önümleri öndürildi.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy şu ýylyň 9 aýynyň meýilnamasyny wagtyndan öň ýerine ýetirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada ýylyň başyndan bäri 7,3 müň inedördül metr haly we haly önümleri öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýyl önümçiligiň mukdary haryt görnüşinde 13%, pul hasabynda 38% ýokarlandy.

Häzirki wagtda kärhanada 2300 işgär zähmet çekýär. Önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen Halaç etrabynyň “Güýç birleşik” obasynda kärhananyň şahamçasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň işe girizilmegi bilen goşmaça 100 işgär üçin iş orunlary dörediler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda içerki islegleri ýokary hilliligi hem-de bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan, ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa haly önümler bilen doly üpjün etmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek, harytlaryň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, belledi we bu işi mundan beýläk-de dowam etmegi talap etdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 111,4% ýerine ýetirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022