Türkmenistanyň wekilleri “CIFTIS-2020” ýarmarkasyna gatnaşýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekilleri “CIFTIS-2020” ýarmarkasyna gatnaşýarlar
Aşgabat şu ýylyň maý aýynda Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzasy boldy.

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Şöhrat Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy – 2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada TDH şenbe güni habar berdi.

4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän “CIFTIS-2020” iri ýarmarkanyň çäklerinde Hytaýyň hem-de daşary ýurtly kärhanalaryň we edaralaryň 18 müňüsiniň hem-de 100 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda dürli çäreler guraldy. 200 müň inedördül meýdançada tematiki bölümleriň 8-sinden ybarat sergi geçirilýär.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisiniň Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň (WTCF) baş sekretary Çen Dong bilen duşuşygy boldy, onda özara gatnaşyklaryň geljegi we Türkmenistanyň beýleki şäherleriniň hem bu gurama girmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde guralan duşuşyklarda hyzmatlar söwdasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýetiň ugurlary, syýahatçylyk ulgamynda maýa goýum syýasaty we hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar geçirilýär. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ara alnyp maslahatlaşylýan wajyp meseleleriň biri – onlaýn-meýdançalarynda söwdalaşyklary guramaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatynyň işine BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO), ŞHG-nyň we SŞBG-nyň wekilleri, Pekiniň meri we wise-meri, Türkmenistandan, Kolumbiýadan, Gruziýadan diplomatlar, hyzmatlar, şol sanda sanly hyzmatlar ulgamynda işleýän dürli kompaniýalaryň prezidentleri gatnaşdylar.

Aşgabat şu ýylyň maý aýynda WTCF-niň agzasy boldy.