“Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça meseleler maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça meseleler maslahatlaşyldy
Gepleşikleriň dowamynda her tarapdan ýerini ýetiriji bellemek we nyrhnamany kesgitlemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: «AzerNews»)

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda üçtaraplaýyn onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar “Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe” (Lapis Lazuli) halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meseleleri maslahatlaşdylar.

Şeýle-de gepleşikleriň gün tertibine ulag we logistika prosesini optimizirlemek, ähli gatnaşyjylar üçin deň ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, “Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan” ugry boýunça haryt daşamak üçin ýeke-täk nyrh syýasaty bilen bagly meseleler girizildi.

Mundan başga-da, her tarapdan ýerini ýetiriji bellemek we nyrhnamany kesgitlemek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapyndan “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” AGPJ ýerini ýetiriji hökmünde kesgitlenildi.

Gatnaşyjylar “Lapis Lazuli” geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşdylar. Indiki gepleşikler sentýabryň ahyryna meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022