Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler
Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda, deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwa şäherinde geçiriler diýip, Russiýanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrowyň hem-de Muhtar Tleuberdiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesine salgylanyp, TASS habar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Indiki ýyl Moskwa şäherinde II Hazar ykdysady forumy geçirler. Şol bir wagtda biz VI Hazar sammitine taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Bu sammit üçin köp sanly resminamalar taýýarlanylýar” diýip, Lawrow belledi.

Russiýa we Gazagystan Hazarýaka döwletleriniň (Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran, Russiýa we Türkmenistan) arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ugurdaşdyrlar diýip, Sergeý Lawrow nygtady. Hazar sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek, transport baglanyşygyny ýola goýmak, daşky gurşawy goramak, syýahatçylygy ösdürmek we ylmy gatnaşyklary ösdürmek bu döwletleriň üstüne ýüklenendir.

Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda, deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

2022