GDA döwletleri işewür toparlaryň hyzmatdaşlygyna ýardam bermek meselelerine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA döwletleri işewür toparlaryň hyzmatdaşlygyna ýardam bermek meselelerine garadylar
Mejlisiň barşynda Geňeşiň agzalarynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasy maslahatlaşyldy. (Surat: “GDA-nyň resmi saýty”)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralary işewür toparlary üçin amatly kadalaşdyrjy-hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam berer diýip, BELTA agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralar Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň çarşenbe güni wideomaslahat görnüşinde geçirilen XVIII mejlisiniň netijeleri boýunça GDA ýurtlarynda işewür toparlaryň hyzmatdaşlyk etmegi üçin kadalaşdyrjy-hukuk binýadynyň döredilmegine we Arkalaşygyň çäklerinde sebitara gatnaşyklary ösdürmegi höweslendirmek, şeýle hem GDA döwletleriniň telekeçilerini goldamakda hem-de pandemiýanyň täsirini ýeňip geçmek çärelere gatnaşmak ýaly çözgütler kabul edildi.

Mundan başga-da, Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary Arkalaşyga agza ýurtlaryň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny hem-de Geňeşiň agzalarynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny maslahatlaşdylar.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlise türkmen tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow gatnaşdy.