“Halkbank” paýdarlar jemgyýetine öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkbank” paýdarlar jemgyýetine öwrüler
Häzirki wagtda Türkmenistanda bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi goldady diýip, TDH habar berýär.

Bankyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek baradaky teklip Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermesiniň netijeleriniň esasynda hödürlendi.

Döwlet Baştutany wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini üýtgetmek baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazarynyň işini zerur bolan derejede guramak hem-de bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar. Amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de bank ulgamyny 2011-2030-njy ýyllarda ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyk gelýär.