Türkmen telekeçisi gury düýe süýdüniň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi gury düýe süýdüniň önümçiligini ýola goýmakçy
Häzirki wagtda hojalygyň çäginde döwrebap maldarçylyk toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Telekeçi Polat Kanaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän düýedarçylyk hojalygynda gury düýe süýdüniň önümçiligini ýola goýmakçy. Bu barada “Türkmenistan: Altynasyr” elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gury düýe süýdüniň önümçiligi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde durmuşa geçirilmäge başlandy. Bu ugurda synag tapgyrlary oňaýly netijeleri görkezdi.

Kanaýewiň düýedarçylyk hojalygynyň tutýan meýdany 140 gektara barabar bolup, bu ýerde düýeleriň arwana tohumyny idetmek üçin agyllar, şeýle hem süýt turşy önümleriniň önümçilik bölümi ýerleşdirilendir. 2017-nji ýylda önümçilik kärhanasynda çalyň we agaranyň önümçiligi ýola goýuldy.

Düýedarçylyk hojalygynda düýeler bilen bir hatarda 110 sany iri şahly mallar hem idedilýär. Häzirki wagtda hojalygyň çäginde döwrebap maldarçylyk toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Arwana tohumly düýeler ýokary derejede süýt berijiligi bilen tapawutlanýar. Bir ene düýesi 18 aý laktasiýa döwründe ýaglylygy 3,5-3,8%-e deň bolan süýdüň ortaça 2,500 kilogramyny bermäge ukyplydyr.

2022