“Roodell” kompaniýasy “Jizzak” erkin ykdysady zolagyndaky “ADM-Jizzakh” zawodynda 2020-nji ýylyň noýabryndan başlap KIA “Seltos” we “K5” kysymly awtoulaglaryň önümçiligini ýola goýar diýip, “Uzbekistan Daily” habarlar agentligi habar berdi.
Häzirki wagtda zawodyň gurluşygynyň soňky tapgyry dowam edýär we bu ýerde dürli konfigurasiýadaky awtoulaglary öndürmek üçin iki sany önümçilik ulgamy gurnalar.
Zawodyň birinji tapgyrynda kuwwaty ýylda 25 müň awtoulaga barabar bolar. Ikinji tapgyrda, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli kebşirleýiş we reňkleýiş sehleriniň işe girizilmegi bilen kärhananyň kuwwaty ýylda 100 müň awtoulaga ýeter.
“GDA döwletleriniň bazarlary uly kuwwata eýedir, biz bu ýerde “KIA-nyň” awtoulaglaryna bolan islegiň artýanyny görýäris, Özbegistandaky zawod kompaniýanyň sebitleýin ştab-kwartirasynyň iň iri taslamalarynyň biridir” – diýip, “KIA Motors Rus & CIS HQ” kompaniýasynyň prezidenti Çzin-Ha Kim belledi.
Täze zawod multibrend hökmünde görkezilip, geljekde bu ýerde beýleki dünýä belli awtoulaglarynyň markalarynyň önümçiligi ýola goýlar. Özbegistanda öndürilen awtoulaglar hyzmatdaş dilerleriň üsti bilen GDA döwletlerine eksport ediler.
"K5" – bu, öň “Optima” diýlip tanalýan, KIA-nyň biznes-klass sedan awtoulaglarynyň hataryna girýär, “Seltos” modeli bolsa, 2019-njy ýylda çykarylyp başlanan, 5 adamlyk ykjam jip görnüşli ulagdyr.