Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgust aralygynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşdy. (Surat: “Gazagystanyň Hökümeti”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň derejesine we ösüş depginine ýokary baha berildi, özara gatnaşyklaryň köp ugurlary, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe, tutuş gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, oba hojalygy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler.

Häzir hereket edýän “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň wajypdygy hem-de türkmen tarapynyň häzirki zaman Türkmenbaşy-Gazagystan awtomobil ýoluny gurmak baradaky täze başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýol hem ýakyn geljekde goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawlarynyň we ýük akymlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serhetýaka hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, goňşy döwletleriň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak, Türkmenistanyň işjeň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri barada durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm ornuny belledi.

Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermekde, obasenagat toplumynda taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Askar Mamin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýda bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.