“Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy” diýlip nämä düşünilýär?
“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýazmaça görnüşde baglaşylýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar.
Obýekti öý bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bolup diňe Türkmenistanyň raýaty çykyş edip bilýär. Paýly gurluşygyň obýekti aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektleriň aýratyn bölegi, şeýle hem köp öýli ýaşaýyş jaýynda duran sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýekt ýa-da onuň aýratyn bölegi bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçylar bolup, diňe ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar çykyş edip bilýärler.
Raýatlaryň we ýuridik şahslaryň guruja beren ýazmaça ýüz tutmalary paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin esas bolup durýar.
Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin raýatlaryň we ýuridik şahslaryň ýazmaça ýüz tutmalaryny bellige almaga borçludyr.
Gurujy paýly gurluşygyň şertnamalaryny gelip gowşan ýazmaça ýüz tutmalaryň nobatlylygyny hasaba almak bilen baglaşýar.
Paýçy, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmazdan öň gurujydan tanyşmak üçin haýsy resminamalary talap edip bilýär?
Paýçy, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmazdan öň gurujydan tanyşmak üçin şu aşakdakylary talap etmäge haklydyr:
- gurujynyň esaslandyryjy resminamalaryny;
- gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamany;
- salgyt edarasynda hasaba alnandygy hakynda şahadatnamany;
- oňa girizilen ähli üýtgetmeleri özünde jemleýän taslama resminamalaryny;
Eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmazdan öň paýçynyň tanyşmak üçin gurujydan onuň maliýe hojalyk işini amala aşyrmagynyň soňky ýyl üçin auditor netijenamasyny we gurujynyň gurulýan obýekti onuň gurluşygy alnyp barylýan döwründe we kepillikli ulanyş döwründe ätiýaçlandyrandygyny tassyklaýan resminamany talap etmäge hem hukugy bardyr.
Çeşme: “Rysgal” gazeti, 21.09.2020