Özbegistan benziniň importyny artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan benziniň importyny artdyrdy
Özbegistan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda 90,1 million litr benzini import etdi.

Özbegistan şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda Türkmenistandan 5,6 million litr möçberinde benzini satyn aldy.

Özbegistan Respublikasynyň Statistika baradaky döwlet komitetiň maglumatlaryna görä, şu döwürde goňşy ýurt 90,1 million litr benzini import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 87 million litr köpdir.

Mysal üçin, şu ýylyň 8 aýynda  Özbegistan Gazagystandan – 47,7 million litr, Russiýadan – 36,5 million litr hem-de Gyrgyzystandan – 232,1 müň litr benzini satyn aldy. Şu döwürde bu ýurtda öndürilen ýangyjyň möçberi 694,2 müň litre barabar boldy.

Şu ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň respublikan haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanda öndürilýän ECO-93 kysymly benzin ilkinji gezek satuwa çykaryldy. Onuň 100 litriniň başlangyç bahasy 600 müň suma ($58,13) deň boldy. “Nara-Komfort Servis” awtoulag kompaniýasy benzini getiriji bolup durýar.  Haryt EXW—alyjynyň özüniň ýüki çykarmak şertinde getirilýär.