Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri üçin ykdysady ösüş depgininiň peselmegini çaklady. Bu barada bankyň çaklamalaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.
ÝTÖB-niň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda umuman sebitiň JIÖ 3,3% peseler, 2021-nji ýylda bolsa 3,3% ýokarlanar. Ozal Merkezi Aziýa döwletleriniň JIÖ-niň umumy möçberi şu ýyl 1,2% peseljekdigi, 2021-nji ýylda bolsa 5,8% ýokarlanjakdygy çaklanylýardy.
2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ýyllyk hasabynda ortaça 0,6% peseldi diýip, ÝTÖB-de aýdylýar.
Bilermenleriň çaklaýşy ýaly, Gyrgyzystanyň ykdysadyýeti has-da kynçylyk çekmegi mümkin. Gazagystan Milli gaznasyndan maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeginiň hasabyna kiçi göwrümli çökgünlige girdi.
“Türkmenistan öz gezeginde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda JIÖ-iň durnukly ösüşi barada habar berdi. Täjigistanyň we Özbegistanyň ykdysady ösüşi haýallady, emma oba hojalyk önümeleriniň hem-de gymmat bahaly metallaryň eksportynyň hasabyna olar ösüş depginini sakladylar” diýip, bankyň beýanatynda aýdylýar.
Şunuň bilen birlikde ÝTÖB-de bellenilişi ýaly, bankyň soňky çaklamalarynda näbellilik häsiýetler bardyr. Bu ýerde hökümetleriň çäklendirmeleri gaýtadan girizmegi ýa-da girizmezligi möhüm orny eýeläp biler.