“Tesla Inc.” kompaniýasy şu ýylyň üçünji çärýeginde elektrik awtoulagynyň uly möçberini satyp, täze rekord goýdy. Bu barada “Washington Post” geçen anna güni habar berdi.
Amerikanyň elektromobil öndürijisi şu çärýekde 139 müň 300 elektrik awtoulagyny satdy. Bu bolsa “FactSet” kompaniýasynyň seljerijileriniň çaklamasynda görkezilen 137 müň awtoulagyndan ýokary boldy.
Kompaniýa öňki rekordy 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde 112 müň elektrik awtoulagyny satmak bilen goýdy. Şu ýylyň üçünji çärýeginde goýlan rekord öňki bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr.
Maglumata görä, bu çärýekde esasan-da kompaniýanyň “Model 3” hem-de şu ýylyň mart aýynda satuwa çykarlan “Model Y” kysymlary uly möçberde satyldy. Umuman bilelikde bu ulaglaryň 124 müň 100 sanysy satyldy. Şeýle-de kompaniýa gymmat bahaly “Model S” we “Model X” kysymlarynyň bilelikde 15 müň 200-sini sarp edijilere ýetirdi.
“Tesla” Hytaý bazarynda hem üstünlikli öňe ilerleýär. Geçen ýylyň ahyrynda bu ýerde öz önümçiligini ýola goýan kompaniýa “Tesla Model 3” kysymly ulaglaryna islegiň uludygyny hasaba aldy.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky zawodynyň ýapylmagyna garamazdan, şu ýylyň dokuz aýynda “Tesla” 318 müň awtoulagyny satmagy başardy.