Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri möhüm sebitleýin meseleleri maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri möhüm sebitleýin meseleleri maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna 2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabryndaky iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň ugry boýunça ilerleýär, munuň şeýledigine abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna we tekliplere özara goldawyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Sebitiň we dünýäniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Çarşenbe güni “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň onlaýn görnüşinde birinji mejlisi geçirilip, onda köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
2022