Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Gyrgyzystandaky wakalar hakynda beýannamany kabul etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Gyrgyzystandaky wakalar hakynda beýannamany kabul etdiler
Gyrgyzystanyň abadançylygy sebit howpsuzlygynyň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar diýip, beýannamada bellenilýär.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlary Gyrgyzystandaky wakalar hakynda bilelikdäki beýannamasynda Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarlar. Beýannama anna güni TDH habarlar agentliginiň saýtynda ýerleşdirildi.

Ýurtlaryň Liderleri Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, Konstitusiýany hem-de milli kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly ýüze çykan meseleleri çözmek üçin zerur tagallalary etmegine umyt edýärler.

Gyrgyzystanyň abadançylygy sebit howpsuzlygynyň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar diýip, beýannamada bellenilýär.

Prezidentleriň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň geçmişi birdir we olar umumy geljegi gurýarlar. Merkezi Aziýanyň halklary taryhyň dowamynda geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine berk parahatçylyga, ylalaşyklylyga hem-de döredijilige ymtylmak meýli bilen birleşendir.

Biziň döwletlerimiz umumy maksatlary paýlaşmak bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer, serhetýaka hem-de sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýarlar.

Şeýle-de ýurt Baştutanlary Merkezi Aziýa raýdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýoly bilen öňe gidip, Gyrgyzystanyň halkynyň bitewülige, parahat, garaşsyz ösüşe hem-de rowaçlyga ymtylmasyny hemişe goldajakdygyny nygtadylar.