“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüler
“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine üýtgediler.

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminam bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Şeýle-de, Karar bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar.