Türkmenistan pomidoryň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan pomidoryň eksportyny artdyrýar
Şu ýylyň başyndan bäri 29 müň tonnadan gowrak pomidor eksport edildi.

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda pomidoryň eksportynyň fiziki mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99% ýokarlandy.

“ORIENT.tm” habarlar agentliginiň duşenbe güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, ýylyň ýedi aýynda 29 müň tonnadan gowrak pomidor eksport edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri çerri, rigantino, fulton ýaly dünýäbelli pomidorlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýetişdirilýän pomidoryň esasy importýory Russiýa bolup durýar.

Ýurdumyzda pomidor hasyly ýyladyşhana şertlerinde tutuş ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhana enjamlary esasan-da Ýewropa ýurtlaryndan we Türkiýeden getirilýär.

Ýyladyşhana hojalyklary raýatlaryň iş üpjünçiliginde hem öz goşandyny goşýar. Eksportyň mukdarynyň artmagy bolsa oba hojalyk pudagynyň bu ugrunyň durnukly ösüşini görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Geçen ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Altyn tug” hususy kärhanasy tutýan meýdany 12 gektara deň bolan ýyladyşhana toplumyny işe girizdi. Toplumda ýylda 3 müň tonna gök önüm ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar.

2022