“Bir penjire” taslamasy boýunça Ähtnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bir penjire” taslamasy boýunça Ähtnama gol çekildi
Taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, hususan-da ÝUNKTAD we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, gepleşiklere BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, hususan-da ÝUNKTAD we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti, durnukly ulag we söwda ulgamlaryny ösdürmek babatynda soňky bäş ýylyň dowamynda alnyp barylan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýakyndan gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň ulgamyna “ASYCUDA World” integrirlenen gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy we işjeň ösdürilýär. Bu ulgam Türkmenistanyň maliýe pudagyna --  bank, ulag we beýleki ulgamlaryna, şonuň ýaly-da “Тürkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işine “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” ulgamynyň tapgyrlaýyn we netijeli ornaşdyrylmagynyň esasy platformasyna öwrüler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanda “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnama durnukly ösüşiň global we sebitleýin strategiýalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde söwda we ulag gatnaşyklarynyň sanlaşdyrylmagy üçin özboluşly esas bolar.

2022