Gazagystanly telekeçileriň patentleri Türkmenistanyň çäginde hereket eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanly telekeçileriň patentleri Türkmenistanyň çäginde hereket eder
Sebitleýin patent Ýewraziýa bazarlary üçin niýetlenen önümleri öndürýän gazagyztanly telekeçiler üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

Gazagystanyň sebitleýin patenti Ýewraziýa patent bermek ulgamyna girýän agza-döwletleriniň 8-sinde hereket eder diýip, Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministri Marat Beketaýew mälim etdi. Bu barada “ORIENT.tm” habar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Teswirnamanyň tassyklanmagynyň netijesinde, gazagystanly önüm öndürijileriniň senagat nusgalyk patenti Ýewraziýa patent bermek ulgamyna girýän agza-döwletleriniň 8-sinde: Ermenistanda, Azerbaýjanda, Belorussiýada, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Russiýada, Täjigistanda we Türkmenistanda hereket edip biler. Şeýlelikde, ýokarda agzalan ýurtlar üçin ýeke-täk senäniň ykrar edilmegine mümkinçilik döreýär” diýip, M.Beketaýew belledi.

M.Beketaýewiň aýtmagyna görä, sebitleýin patent Ýewraziýa bazarlary üçin niýetlenen önümleri öndürýän gazagyztanly telekeçiler üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

“Her bir döwletde aýratyn arza bilen ýüz tutmak we aýratyn paçlary tölemek halkara patent bermek işinde administratiw böwet bolup durýar. Gazagystanly ýüz tutujylar üçin sebitleýin ulgam sekiz döwletiň çäginde birwagtlaýyn goragy almak üçin Ýewraziýa patent edarasyna ýüz tutmak mümkinçiligini döredýär” diýip, ýustisiýa ministri sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewraziýa patent ulgamy 1994-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda gol çekilen Ýewraziýa patent konwensiýasyna agza-döwletleriň 9-synyň çäginde hereket edýän ýeketäk ýewraziýa patentiniň esasynda oýlap tapyşlara bolan hukuklary goramaga mümkinçilik berýär.

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde Ýewraziýa patent konwensiýasyna senagat nusgalyklary goramak hakynda Teswirnama kabul edildi. Bu resminama senagat nusgalyklary hukuk taýdan goramak boýunça Ýewraziýa ulgamyny döretmek üçin binýat bolup durýar.

2022