Türkmenistan we Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirýär
Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollarynyň geçirijilik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak maksady bilen nyrh syýasatyny maslahatlaşdylar.

“Türkmendemirýollary” agentliginde “Gazagystan demir ýoly Milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda hökümetara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyk etmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan-Gazagystan-Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi ylalaşyldy.

Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollarynyň geçirijilik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak hem-de olaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen hünärmenleri Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda-da durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

2022