Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wirtual sergisi 1-nji noýabrda açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wirtual sergisi 1-nji noýabrda açylar
Wirtual sergä gatnaşyjylar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde şu ýylyň 1-nji noýabrynda açyljak wirtual sergisiniň taslamasyny taýýarlady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklarynyň ählumumy tor we umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi uzak aralykdaky ulanyjylara gije-gündizleýin elýeterli bolup, olar gyzyklandyrýan maglumatlaryny olaýn görnüşde alyp bilerler.

Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanýanlaryň we görýänleriň statistiki hasabyny ýöretmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz  halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini, şolaryň netijesinde, uzak möhletleýin we durnukly ykdysady ösüş derejesine ýetilendigini belledi.

Üstünlikleriň wirtual sergisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky döwürde Internet ulgamynda global wirtual sergileriniň sany tiz artýar, bu bolsa öndürijilere öz önümlerini we hyzmatlaryny giň köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.