OGT-2020 halkara maslahaty onlaýn görnüşinde geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
OGT-2020 halkara maslahaty onlaýn görnüşinde geçiriler
OGT her ýyl geçirilýär we ol Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam berýän abraýly işewürlik forumydyr.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020” (OGT–2020) XXV halkara maslahaty 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde onlaýn görnüşinde geçiriler.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň geçen anna güni habar berşi ýaly, çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Turkmen Forum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

Forumy gurnaýjylaryň saýtlarynda berilýän maglumatlara görä, maslahatyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň işiniň ähli ugurlaryny, şol sanda soňky gazhimiýa taslamalaryny öz içine alýan syn berler. Dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri prezentasiýalar bilen çykyş edip, toplanan tejribeleri paýlaşarlar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Maslahatyň dowamynda tejribe alyşmak hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän esasy taslamalar barada maglumat bermek üçin prezentasiýalar we panel görnüşli pikir alyşmalar gurnalar.

“Gazhimiýa toplumynda ýörelgeler”, “Hazar deňziniň Türkmenistan böleginde innowasion taslamalar”, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, “Nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary” hem-de “Nebitgaz toplumynda täze maýa goýum taslamalary” ýaly ugurlara garalar.

Bu iri nebitgaz işewürlik forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň esasy menejerleri bilen duşuşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige eýe bolarlar.

OGT her ýyl geçirilýär we ol Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam berýän abraýly işewürlik forumydyr.

2022