Daşoguzda her günde agyz-burun örtükleriniň 6 müňüsi öndürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda her günde agyz-burun örtükleriniň 6 müňüsi öndürilýär
Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 25 görnüşli önümleriň 8 million manatlykdan gowragy öndürildi.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň Daşoguz şäherindäki sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda bir günüň dowamynda agyz-burun örtükleriniň 6 müňi öndürilýär.

“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 25 görnüşli önümleriň 8 million manatlykdan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokary ösüş depgini üpjün edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kärhanada ini 1 metr, uzynlygy 100 metre deň bolan sargy serişdeleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Şeýle-de şu ýylyň iýun aýyndan bäri bu ýerde dokama däl matadan operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk halatlarynyň önümçiligi alnyp barylýar. Bu ýörite eşigiň önümçiliginde ýokary derejeli berklige, gigroskopirlige we gipoallergenlige, şeýle hem deformesiýa we temperatura täsirlerine eýe bolan spanbond materialy ulanylýar.

Daşoguzyň sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy Germaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň meşhur kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde saglygy goraýyş edaralarynyň bejeriş-öňüni alyş işleri we ilatyň zerurlyklary üçin taýýar önümleriň ýylda 13 million gaplamasy öndürilýär.

Dünýäniň statistiki maglumatlaryna görä, sargy serişdeleriniň bazary derman serişdeleri boýunça bazara garanyňda, umuman, tiz ösýär. Harytlaryň şu görnüşinde uly isleg bilen düşündirilýän diňe bir satylyşyň depginli ýokarlanmagy hasaba alynman, eýsem önümleriň aýratynlygy, görnüşleriniň artmagy-da bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022