TSTB-niň wekilleri balykçylyk boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň wekilleri balykçylyk boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Onlaýn iş maslahatynyň barşynda balykçylyk pudagynda sebitleýin gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy nygtaldy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) subregional merkezi Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy çeşmeler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda duşenbe güni “Azerbaýjan – balykçylyk pudagynyň ýagdaýy” atly onlaýn okuw maslahatyny gecirdi. Türkmen tarapyndan gurnaýjy hökmünde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi çykyş etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) habar berşi ýaly, çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we TSTB-niň balykçylyk hojalygy bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn iş maslahatynyň barşynda balykçylyk pudagynda sebitleýin gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle hem bu pudagy netijeli dolandyrmakda we strategik çözgütleri kabul etmekde hususy pudagyň wekilleriniň (satyjylar, maýadarlar, üpjün edijiler we ş.m.) gatnaşmagynyň wajypdygy nygtaldy.

Telekeçilik pudagynda okuw maslahaty geljekki sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde hususy pudagyň wekillerini çekmäge gönükdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu iş maslahaty birnäçe web-brifingler hem-de gepleşiklerden ybarat bolup, ol ýedi döwlet üçin her aý aýry-aýry ýagdaýda gurnalar.

Bu çäreleriň maksady – ýokarda agzalan ýurtlaryň wekilleriniň arasynda  tejribe alyşmak we iň oňat işleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ulgamda hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak,  balykçylyk pudagynyň ýagdaýy barada maglumatlary bermek üçin forumy döretmekde jemlenýär. Bu başlangyç ilkinji gezek “Milli balykçylyk pudagynyň synyny” (NASO) taýýarlamaga mümkinçilik döreder.

2022