USAID Merkezi Aziýada miwe-gök önümlerini eksport edijileriň maglumatnamasyny çap etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID Merkezi Aziýada miwe-gök önümlerini eksport edijileriň maglumatnamasyny çap etdi
Maglumatnamada “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti we “Miwe” AGPJ ýaly Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri barada maglumatlar bardyr.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) dünýäde isleg bildirýän satyn alyjylaryň arasynda jikme-jik maglumatyň ýaýradylmagy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň miwe-gök önüm eksport edijileriniň maglumatnamasyny çap etdi.

Agentligiň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, maglumatnama Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 120-den gowrak eksport edijileri, olaryň önümleri, brendleri, satyş ugurlary hem-de habarlaşmak üçin maglumatlary özünde jemleýär. Şeýle hem maglumatnamada Merkezi Aziýa döwletleriniň şäherlerinden Ýewropanyň we Aziýanyň şäherlerine çenli eksport ýolunyň dowamlylygy we ýük daşamanyň bahalary ýerleşdirilendir.

Merkezi Aziýa ençeme asyrlaryň dowamynda miwe we gök önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürip, bu ugurda söwdany dowam edip gelýär. Häzirki wagtda öndürijileriň öz önümlerini sebitden daşarky bazara çykarmaga giň mümkinçilikleri bardyr. Maglumatnama USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek boýunça (CTJ) taslamasy tarapyndan bu döwletleriň öndüriji, gaýtadan işleýji we söwda kompaniýalarynyň öz öndürýän önümlerini eksport etmäge taýýardygyny görkezmek üçin elýeterli katalog hökmünde döredildi. Bu maglumatnama miwe-gök ekinlerini import edijiler, distribýutorlar, alyp-satyjylar we halkara söwda sergilerini gurnaýjylar üçin niýetlenendir diýip, USAID beýan etdi.

Maglumatnamada “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Ter Önüm” hojalyk jemgyýeti we “Miwe” AGPJ ýaly Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri barada maglumatlar bardyr.

USAID-iň CTJ taslamasynyň maksady, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek hem-de miwe we bakja, syýahatçylyk, ulag we logistika pudaklarynda täze iş orunlary döretmekden ybaratdyr.

2022