ÝB-MA-Owganystan: sebitleýin howpsuzlyk we COVID-19 boýunça meselelere seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB-MA-Owganystan: sebitleýin howpsuzlyk we COVID-19 boýunça meselelere seredildi
ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda ÝB-MA-Owganystan formatyndaky onlaýn mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň sişenbe güni habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depgini, howpsuzlyk ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” Mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB-MA formatyndaky Ýaşyl ykdysadyýet boýunça Birinji Foruma görülýän taýýarlyklaryň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň ählisi boýunça ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan bilen özarabähbitli gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.

Türkmenistanyň durnukly ösüş, howpsuzlyk we ykdysady öňegidişlik ulgamynda, şol sanda Owganystanda abadançylygy berkarar etmek maksady bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. W. Hajyýew Türkmenistanyň goňşy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini goldamakdaky oňyn tejribesini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň owganara gepleşikleriniň geçirilmegi üçin giňişligiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyjyny belledi.

ÝB-niň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary Helga Şmid Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini goldaýandygyny we ileri tutýandygyny, şol sanda geljekde hem Merkeziň alyp barýan işlerine ýakyndan ýardam etmäge meýillidigini aýratyn nygtady.

Mundan başga-da, taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň, ýüze çykýan täze şertlerde ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtda Merkezi Aziýa sebitinde ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň barşynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary ýaly derwaýys meselelere jikme-jik seredip geçdiler.

2022