Gazagystan türkmen smart telewizorlaryna gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan türkmen smart telewizorlaryna gyzyklanma bildirýär
Gazagystanyň ilçisi “Aýdyň Gijeler” HJ-niň kärhanasyna saparynyň dowamynda smart telewizorlaryň düzüliş işleri bilen tanyşdy. (Surat: Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Erkebulan Sapiýew Türkmenistanda suwukkristal ekranly telewizorlary hem-de LED lampalaryny öndürýän “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasyna saparyny amala aşyrdy.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geçen anna güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, kompaniýanyň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanow kärhananyň taryhy, önümçilik kuwwaty, önümiň düzüliş prossesi hem-de geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen kompaniýasynyň önümleriniň gazak bazaryna iberilmegini, şeýle hem Gazagystanda önümçiligiň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň ilçisi kärhana saparynyň dowamynda “Smart TV” platformaly hem-de “IP-týunerli” telewizorlaryň düzüliş işleri bilen tanyşdy.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçiligi ozalky Aşgabat şäheriniň “Türkmenkabel” kärhanasynyň çäginde ýola goýuldy.

Şu ýylyň iýun aýynda Hojalyk jemgyýeti “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlaryň önümçiligine badalga berdi.